Ýewropanyň iň günbatar çüňki, Cabo da Roca
Şu gün irden oglanlar bilen Ýewropanyň iň günbatar çüňki bolan Cabo da Roca gitmegi maksat edinipdik. Hawa Lissabondan ol ýerik ýöräp ha gidip bolmaýar, iň amatlysy welisipet (tigir) bilen gitmek. Ilki Lissabondan Cascais-a çenli otly bilen gitdik. Ol ýerde hem mugt tigir berýän ýerler bar, şolaryň birinden tigirlerimizi alyşdyryp ýola düşdük.
Bäş oglan bolyp gidipdik, içinde iň erbet sürýäni men. (:D) Sebäbi tigir ulanmanyma eýýäm ýedi sekiz ýyl bolyp barýardy. Hatta ýolda iki gezek ýykyldym, birindi ýolda işleýän adamlary süsdüm.. Ýenede gezelenç gaty gyzykly geçdi. Portugaliýanyň (hatta ýewropanyň) günbatar kenaryndan, okaýanyň gyrasyndan tigir sürýädik. Ýolda käwagtlar depeleri çykmaly bolýar, ýadatýar. Ýöne gaýdyşyn has hezil, welikleri sürmek hökman däl, diňe ýönüňi gönülemek ýeterlikdi.
Cabo da Roca-a ýetip gowy dynç aldyk, okeýanyň gyrasynda otyryp iýip içdik. Daş töweregi birsalym aýlanyp yzymyza dolandyk. Ýolda bir plaja sowylyp ol ýerde hem bir salym okeýan tolkynlary synlap çägede oýnap bildik.
Portugaliýada gezip görer ýaly gaty kän ýer bar..