SOPA Barada Gysgaça
Ýaňy pikirlerde Wikipedia iňlis dilinde näme üçin ýapylýar wş soraglar soraldy. Şu mowzukda azajygam bolsa düşündirip bilişimçe sebäbini ýetirmekçi. Her bir internet ulanyjysynyň bunuň sebäbi barada maglumat edinmegi möhüm!
SOPA (Stop Online Piracy Act) eýýäm näçe aý bäri Amerikada kanun boljak bolyp ýör. Gysgaça aýtsak SOPA copyright haklary goramak üçin kanunlaşdyryljak bolýar. Hä bize näme dahyly bar diýip bilersiňiz.
Eger SOPA kanun bolyp kabul ediläýse Amerikada, hakkyny gözleýän USA raýatlary congress kanuny bozan saýty barada dawa açandan soň şol saýty gözleg motorlary (Google, Yahoo, Bing) tapmagy (indexing) gadagan, online reklam bilen işleşýänleriň iş alyşmagy gadagan we iň möhümi ISP-leriň (internet service provider) şol saýta girilmegini gadaganlamagyna getirip bilýär.
Asyl SOPA-nyň maksady hem şol, ýagny USA daşynda bolan kino wş zatlary paýlaşýan saýtlary bloklamak wş. Kanun bolaýsa köp ulanýan saýtlarymyzyň ýapylmagy diýmek (torrent wş).
Bu kanuna, Google, Facebook, Twitter, Zynga, eBay, Mozilla, Yahoo we LinkedIn açyk şekilde garşy bolandyklaryny yglan edip birnäçe USA congressman-a hat ýazypdylar..
Eger kanun giriziläýse, ilki bilen Youtube-a täsiri uly we Vimeo, Flickr ýaly saýtlaryň bolsa ýapylmagy diýmek.
Gysgaça şeýleräk.