Miradouro da Graça

2012-njy ýylyň 10-njy ýanwary - Lissabon

Lissabonda howa köplenç maýyl, gyşyň ortasynda gezip ýörs ýöne entäk ne gar bar nede sowyk howa. Käwagtlar ýagyş ýagýar diýäýmeseň howa köplenç güneşli we maýyl.

Şugün dostlarymyň biri, ýakynymyzda çaýlamak ýa-da kitap wş okamak üçin gowy bir ýer bar diýdi we biz ekzamine taýýarlanmak üçin gitdik şol ýere. Bilýän gülýäňiz ýöne öýde oturyp okamak ýerine şol ýere gidenime begenýän, azajygam bolsa kelläň dynç alýar, we öz komfort zonaňdan çykýaňda..

Mirodouro da Graça, terjime etsek Graça viewpoint-y (ýerliler miradouro diýýär) ýagny şäheriň bir bölegini synlap biljegiňiz ýer diýmek. Lissabonyň duran ýerinde köp beýikli pesli ýerler bar we şäheri synlamak üçin birnäçe depe bar. Bularyň biri hem Mirodouro da Graça, turistleriň, studentleriň we başgada kän adamlaryň dynç almak üçin ugraýan ýeri. Çaý, tost iýmek içmek üçin hem kiçijek kafe bar..

1-nji surat

2-nji surat

3-nji surat

4-nji surat

5-nji surat

Şondan soň birnäçe gezek gitdim şol ýere (ekzaminlere taýýarlanmak üçin :D) ..