Middle East Technical University (METU)

02 January 2012 - Lisbon

(Bu mowzuk maglumat (informative) görnüşde ýazylandyr)

Köpden bäri mowzuk açmandym, shu günler işem kän bolansoň arasynda blog ýazyp gümeneýin diýdim. Daşary ýurtda bilim almagyň öz plyuslary bar we şu wagt daşarda okamak üçin iň amatly döwletleriň biri Türkiýe; Türkiýede hem iň gowy üniwersitetleriň biri “Orta Doğu Teknik Universitesi” (Middle East Technical University) ýa-da gysgaça ady bilen ODTU (METU) bolyp durýar. Şu ýerdäki birnäçe agza hem okaýar şu üniwersitetde. Menem şu üniwersitetiň uçurumy we şu blogda üniwersitet we talyplyk ýyllar hakynda ýazmakçy.

Şu ýyl Türkiýedäki okuw sistemasyny daşardan gelenler üçin üýtgedip ýördüler, her aý tölemeli strahowaniýa pulymy, okuw pulynyn galmagymy şuňa meňzeş zatlardy. Ýöne ýakynda ýenede öňküsü ýaly boljakmyş diýýädiler. (Bu hakda kän maglumat bilemok, sebäbi ol wagtlar men eýýäm gutarypdym okuwy) Birem bilýän bolsanyz ÝÖS, Türkiýä gelmek üçin öňki synag, indi ýatyryldy. Onuň ýerine her üniwersitet öz synagyny ýa-da atestada göra kabul edip başlapdy. ODTU bolsa ýa SAT testini ýa-da TUBITAK-yň tassyklaýan halkara olimpiýada sertifikasy bilen kabul edýär.

devrim-panorama

ODTU 1956-njy ýylda düýbi tutulypdyr, bizem 50 ýyllygynda, 2006-njy ýylda kabul edilipdik. Gelen wagtymyz iňlis dili derejämi barlamak üçin English Proficiency synagyna girip, ondanam ýykylyp bir ýyl iňlis dili taýýarlyk okadym. Bir ýyl artykmaç okanyma hiçhili ökünemok, hatta täze gelenlere hem bilgeşleýin bir ýyl iňlis dili okamaklaryny maslahat berýädim. Sebäbi gowy edip öwredýäler. Onsuzam okuw dili iňlis dilinde.

ODTU-nyň kampusy ullakan bolyp bir talybyň ýaşamagy üçin hemme mümkünçilik bar. Kampusyň içinde ýaşamak üçin gerek bolan hemme zat bar, diňe käwagtlar daşaryk (Bahçeli, Tunali) gezmäge gidilýä. Mundan başgada sosiýal durmyş üçin gerek bolan hemme zat bar. Aklyňyza gelip biljek herhili medeni, sport we bilim toplulyklar bar. Öz gyzyklanýan toplulygyňa gidip ýazylyp we täze gelen oglanlar/gyzlar bilen tanyşybermeli. Mysal üçin sport bilen gyzaklanýaňmy, ýüzmekden başlap paraşutçylyga çenli, ýaponiýa kulturasyndan her hili idealogiýa düşünjesine çenli herhili toplulyk bar. Bulardan başgada festivallar, konsertler we umumy ýaşaýyş jaýlar arasyndaky gar topy söweşine çenli herhili gyzykly çäreler bardyr. Özümä ilki gelemde ýüzme klubyna ýazylypdym ýöne yzygiderli dowam etmedim. Bulardan başga hem Şebnem Ferah, Duman, Goran Bregoviç wş konsertler we her ikinji günmi bir günä “Gorky Gijeleri” (gorkynç kino yzly yzyna daňdana çenli) gyzykly ýatlamalarym.

Bu ýerde “Okuw haçan okamaly?” diýýän bolyp bilersiňiz, ynanyň maňa siz näçe okajak däl diýseňiz hem ODTU şeýle bir okadýa sizi.. Uniwersitet, okuw sistemasy üçin ‘curve’ diýilýän sistemany ulanýar. Köpüňiziň bilşiňiz ýaly, bu sistemada seniň ekzamenden aljak bahaň kursdaşlaryňada bagly, yagny sapakdan geçmek üçin synpyň ortalama bahasyça baha almaly bolýaň. Bu ýagdaý elbette okuwçylary bir-biri bilen ýaryşdyrýa.

metu-over-mm

Hawa 4-5 ýyl okadyk we sag-aman dyndyk soň näme? Şu ýerde öz başdan geçirenlerim we görenlerim barada ýazmakçy. Özüm kompýuter inžinerligi okadym, we 4-nji kursda eýýäm part-time (arkaýyn tapsa bolýa) işe başlapdym. Soňky ýylda ýörite sapak bardy edaralar, hususy kompaniýalar gelip tanatýady, mysal Türkiýedäki Garanti Banky, Halk Bank, Microsoft, Facebookdan her ýyl gelip “tech talk” edýädiler we soňynda hem kiçijek bir interview we elbette birnäçe başka kiçi uly şereketler. Birem ODTU-nyň öz Technopolis-y bar, içinde her disiplinden edaralar bar. Uçurymlaryň köpüsi köplenç şol ýerde ýa işe başlaýalar ýa-da özleri bir şereket açyp dowam edýäler. Meň öňümde hem üç saýlaw bardy, ýa daşary ýurtda stipendiýaly magistratura dowam etmek, ýa ýene Türkiýede galyp magistratura etmek we işlemek ýa-da Türkmenistana gitmek we gullugy dynmak we iş, maşgala diýip durmuşa başlamak. Türkmenistana giden uçurymlaryň köpüsi şu wagt Schlumberg, Polimeks we şular ýaly ýerlerde işleýärler.

Şuwagt ýene ODTU-de okarmydyň diýseler, “Elbetde!” diýip jogap bererdim. Türkiýede iň gowy tehniki uniwersitet, özüma ýene Kompýuter inžinerligi ýa-da Molekular Biologiýa we Genetika inžinerligi okardym.

Has köp maglumat üçin: