Italiýada Birnäçe Şäher

2012 ýylyň 29-njy ýanwary - Milan-Zurich arasyndaky otlyda

Pisa

Gije ýarysyna sähel galanda, Livorno portyna geldik, derrew gämiden düşüp taksi tutyp wokzalyň ýolyny tutdym. Özüm ilki ýörärn wokzala çenli diýýädim ýöne soraşdyrsam gaty uzak ekeni.. Wokzaldaky gümrük işgärlerine haýyşt edipdim taksi çagyryp beräýiň diýip. Ýolda taksist bilen çat pat gürrüňdeş boldym, asyl bugün wokzal işgärleri “strike” (grev) edipdirler, haý bolmady bula diýip wokzala gelsem, ýörite bilet alynýan maşynlar bar ekeni, gelenimden edil on minut soňam bir otly Pisa-a gidýän ekeni, seretsem ýerli otly (Eurail biletlileriň ýerli gatnawlar üçin bilet almaklary hökman däl.) derrew liniýa baryp garaşdym.

On bäş minut soň Pisa wokzalyna getirdi, gidip ýakynda bir otelden otag tutdym (30 euro). Ertir sagat on bir töwerekleri şäheri aýlanmana başladym, Pisa şäheriň ýerleşiş düzgünini gaty haladym (aslynda Italiýada gezen hemme şähiriňkini haladym) edil wokzaldan garşyňa çykan ilkinji ýol bilen göni gidiberseň öňüňden ýap çykýar, köprini geçip ýene göni dowam ediberseň, dünýäniň täsinlikleriniň biri bolan Pisa binasyna eltýär..

Şäher kän uly däl ýöne gaty owadan, sada .. Aýlanyp, surat çekişdirdim, ýeke gezmek hezilem welin iki ýa-da ondan köp bolsaň has gowy, üýtgeşik suratlar çekse bolardy :D, herkim Pisa binasyny itekläp ýa-da ýykalmagyna päsgelmiş ýaly duryp surata düşýär. Herhili düşýän bardy özä, depýäni haýsy, barmagy bilen saklaýany haýsy wş. Men binaň ýokarsyna türkmen baýdagy asyp aşakdan hem biri çekse bet bolardy diýen fantaziýa kelläme geldi ýöne ýeke özümdim, ýokarda şol wagtda aşakda hem tanyş gerekdi .. Özümem hany itekläp düşeýin surata diýip geçip barýan iki sany gyza meň suratymy çekäýiň diýip haýyşt etdim, olar bilen azajyk sohbetdeş bolamdan soň, nirelidigimi soradylar, Türkmenistan diýseň herkim biläýenok soň nirede ýerleşýär, Kazagystan, Özbegistan goňşy döwletler wş diýişdirip düşündirýäň. Olaram “Ýöne seň iňliçäň gaty gowy!” (But you speak english quite good!) diýenlerinde monça boldym. Köp kişi biziň ýurdymyzy bilenok, şotaýlardan gelen adamlaryň özleri bilen sohbetdeş bolmagyna haýran galýalar..

Ýadap agşam sagat on töwerekleri wokzala geldim, Roma gitmek maksady bilen otly wagtlaryna seretsem irden bäş töwerekleri biri bar ekeni. Şol wagta çenli wokzalda garaşdan, sagat 12 çenli McDonalds-da ondan soňam sowyk, bomşlaryň üýşýän ýeri bolan wokzalda .. Menem bir burçy eýeledim we kitap okap aýdym diňläp wagty geçirdim ..

Rim

Bäşde ýola çykyp sagat on töwerekleri Rim (Roma) şäher wokzalyna geldim. Wokzal gaty uly ekeni ilkinji üns beren zadym, 30 töweregi otly liniýasy bardy. Derrew daşyna çykyp ilkinji adama “Kolossal” haýsy tarapda diýip soradym, salgy beren tarapyna tarap ýöredim. Şol wagtda jaýlara üns berdim, aý söz ýoklaý, çynym biz wagtynda palçykdan galalar gurýakak bular eýýäm daşdan jaýlar, mermer monument, statue wş gurypdyrlar.

Kolossala gelemde onsuzam haýran galdym .. Wi birem, Kolossal, hol bara Gladiýatorlaryň uryşýan ýeri şonyň galyndysy (surat goýmakçy). Daş töweregine aýlanyşdyryp ýene bet bina bolan, Sezaryň jaýy diýdilermi şonýaly bir bet mermer bina gurypdyrlar. Ony hem aýlanyp üstüne çykyp şäheri synlap yza gaýtmak bilen boldym. Sebäbi belli bir wagtdan soň aýak diýen edenok, birem şugün otlyda zordan 3 sagat töweregi uky alyp bilipdim.

Wokzala gelip, altyň ýarynda bir otly Florence (Florentina) gidýärdi şoňa mündim we ýatmak bilen boldym.

Florentina

Gelemde eýýäm sagat agşam dokuz töwerekleri. Iki sany Hostel adresi alypdym internetden ikisine hem gitdim (telefonyn maps app-i sag bolsyn). Ýöne ikisinde hem hiçkim gapyny açmady. Borlaý diýip şäheri gezmelemek bilen boldym.

Çynym bärsi beýlekilere görä has hem betdi birhili, bugün altynjy gün bolandanmy nämemi herkim daşarda ýalydy, ýaşy garrysy, owadanja gyzlar, oglanlara üns bermändirin, herkim ýolda .. Şäheriň özi hasam. Bärde hiç surata düşürmedim (gije bolandanmy kän elim fotoaparatly gezmedim. Şäheriň binalary uly uly we dykma dykma ýagny köçelerden galan ýerler diňe owadan we uly bina. Özümä şu ýerde okardym ýa-da ýaşardym ..

Soň ýene yzyma wokzala gaýtdym, gije dörtde Milana gitýän otla münmekçidim. Sagat ýaňy bir ikiň ýary töwerekleri ýene garaşmak üçin wokzalyň iki ädim ýanyndaky McDonalds-a gitdim.

Milan

Irden sagat dokuz töwerekleri Milan merkez wokzalyna geldim. Derrew internetden bir iki sany hostel adresi alyp metro bilen iň ýakyna gitdim. Baran hostelimde boş ýer ýok ekeni ýöne maňa ýakynragynda bolan bir hosteli salgy berdi, belki olarda bardyr boş ýer diýip. Tapan hostelim, California Hostel, olarda hem edil şol wagt boş ýer ýok ekeni, ýöne sagat öýlän üçden soň boş ýer bolar diýdiler. Sumkany goýsam bolarmy diýip, San Siro nähili gitmeli salgysyny alyp aýlanmana gitdim.

Stadion şäheriň daşragynda ýerleşýän ekeni, taş töweregini aýlandym, birnäçe adamlar bilen gürrüňdeş bolsam asyl agşam AC Milan - Caiglari oýyny bar ekeni, bilet bahasyny sorasam iň arzany 20euro (iň sonky, 5-nji setir), gidip 22euro 3-nji setirden bilet aldym. Ýöne ýanymda ýekeje hem Milana degişli zat ýokdy, AC Milan magazynyna barsam bazar güni sebäpli ýapyk ekeni. Ýakynlarda kän futbol kluba degişli odyk budyk satýan bardy şolardan bir klubyň şarfyny satyn aldym. Şeýdip birden hemme zat öz özünden bolyberdi, agşamky oýuna biletim bardy birem ýer hem boşaýsa hostelde diýip şäheriň merkezine gitdim metro bilen.

Milan şäher merkezinde meşhur bir Katedral (church-yň ulusy) bar, üýtgeşik arhitekturasy bar, Gothic Catedral diýýäler. Otada butaýda aýlanyp yzyma hostele gaýtdym.

Agşam stadiona oýyn görmäne gitdim, aslynda ilkinji gezek stadiona bir futbol oýyny görmäne gitýänimi aňdym, ýerimi tapyp otyrdym. Bilmedim gowy balet etdimmikän diýýän özä (:D), her golda türkmen baýdagy açan boldym, wş.. Şol ýerde hem ýanymda otyran bir iki sany ýerli janköýerler, “Sen nireden, niräň baýdagy bul?” diýip soradylar, menem “Turkmenistandan” diýip soňam ilkinji eşiden ýurtlary bolansoň, nirede ýerleşýänini, goňşy ýurtlary aýdyşdyrdym. “Şotaýdan AC Milana balet etmäne geldiňmi?” diýip sorady, menem “Elbette!” diýdim, aslynda aldadym, oýyny görmegim hiçhili planlanmandy. Aý Milan janköýerleri begensin diýdimdä..

Hostelde hem boş ýer bar ekeni, iki günlik ýer aldym, toplamda 30euro. Bir gün gowy dynç almagy planlaýadym. Otaýda hem 3 sany ors oglan bilen tanyşdym, fençing (fihtawaniýa) ýaryşa gelipdirler, Kyrgyzystan adyna ýaryşýan ekenler. Olar maňa rusça men olara iňlisçe, rusça garyşyk dilde gürleşipdim. (Çynym orsçamy gowylaşdyrmy!) Hostel kuhnýasynda yzakly gün gülüşip otyrdyk, soň bir ýerlerden ýaponlar geldi olar bilen goşylyp bir gün gowy dynç aldym.

Arada bir wagt tapyp San Siro AC Milan store hem aýlanyp gaýdypdym. Magazindan çykan ýanyňda klub muzeýi bardy. Göreýin diýip barsam eýýäm ýapjak bolyp durdylar öýlän bäş töwerekleridi, gijä galypdym.

Ertesi gün, 31-nji Ýanwar, irden wokzala gaýtdym. Sagat ýedide Zurich gitýän otla bilet alyp ýola çykdym. Şuwagt hem bulary otlyň içinden ýazyp otyrn..