Eurail Gezelenjiň Netijesi

2012-njy ýylyň 11-nji fewraly - Lissabon

yollar

Şeýlelik bilen 15 günlik gezelenji hem gutardym. Käwagtlar ýadadym, üşedim ýöne şonda hem gaty gyzyklydy.

Birnäçe agza sorapdy wiza gerekmi ýa diňe Eurail bilet alsaň bolýamy diýip, “Wiza gerek”! Öňüräk mail bilen özüm hem soradym şu ýerik ýazjak, “The Eurail Pass is no visa; travelers are responsible for ensuring that they have all necessary travel documents and visas.” Ýagny bilet satyn alanyňyzdan soň hökman haýsam bolsa bir şengen ýurtlaryndan turist wiza alaýmaly. Ýöne ýene gowy habar, eger haýsam bolsa bir Türkmenistan raýaty Türkiýede (ýada başga haýsam bolsa bir ýewropa ýurdynda) alty aýdan köp ýaşan bolsa arkaýyn Interrail (bu Eurail-dan arzan) bileti satyn alyp, ýanyna pasaportyny we ikametini alyp arkaýyn gezip biler. Sebäbi Türkiýani hem ýewropa zonasynda diýip hasaplapdyrlar.

Kiçijek Maslahatlarym

Men gyşda gezdim, ýanyňyza ýyly eşikleri hökman alyň, ellik, şarf, şapka we ýene hökman alynmaly zatlaryň biri hem şypbyk, gündiz gezip ýadap agyr göwüşi çykaryp arkaýyn dynç almak üçin. Ikinji men ýanyma içine girilip ýatylýan ýorgan (adyny bilemok) alypdym, käwagtlar garaşmaly bolanda hezillik berdi. Bulardan başga hem karta, telefonyň maps application-y ulanýadym ýöne käwagt internet tapdyraýanok. Mysal üçin men 3G ulanmak üçin Italiýada bolan bir operator sim kart hem alypdym. Birem şäher hakynda azajyk hem bolsa öňünden maglumat edinmek peýdaly, wikipediýadan okamak ýeterlik. Sebäbi, mysal, Prague-da eger gyzyk çyrada geçseň tutaýsalar 60 Kron (~ 3euro) jerime bar. Iň möhümi hem gymmat baha zatlaryňyza göz gulak bolmak, pul, laptop, fotoaparat wş.

Hawa näçe çykdaýjy boldy? Men hasapladym, 15 günlik Eurail bilet hem içinde, 1300 euro töweregi. Esasy diňe suwinirlere köp sowdym. Iýip-içki üçin kän pul berenim ýadyma düşenok, diňe Italiýada bir ýerde betinden pizza başga bir ýerde bolsa pasta iýdim. Başga wagtlar diňe sandwiç we çaý alyp iýmegim ýeterlik bolýady. 4 sany hostelde galdym olaram gymmat däldi, gijelik 15 euro. Öňünden zanitleseňä hasam arzan bolýar.

Näçe sowan bolsam hem hiçhili gynanamok sebäbi gezelençden gaty lezzet aldym we meň üçin üýtgeşik tejribe boldy. Birnäçe dost edindim, köp nätanyş adamlar bilen sohbetdeş boldym we iki sany dünýäniň başga başga ýerlerinden bolanlaryň gürleşip maglumat paýlaşmagy gaty üýtgeşik..

Iň soňky netijäm, eger ýenede ekonomiki we wagt mümkinçiligim bolsa ýene gezmekçi..