Eurail Bilen Gezelenç

2012 ýylyň 24-nji ýanwary - Lissabon

Giriş

Köpüňiz öň hem eşidensiňiz, Interrail ýa-da otly bilen ýewropa ýurtlaryny gezmek, Eurail bolsa ýewropadan başga ýerde ýaşaýanlar üçin şu mümkinçiligi ýetirýär. Eurail.com-dan islän bilet görnüşini saýlap gezelenç edip bilersiňiz. Bilet görnüşleri,

  • Global Pass - ýagny ýewropaň islendik ýurtlaryny 15 gün içinde gezmek
  • Regional Pass - birnäçe gün ýewropada 2-3 döwleti saýlap gezmek
  • Flexi Pass - alty aý içinde islendik gün, toplamda 15 gün islendik ýeri gezmek

ýaly bilet görnüşleri bar.

Biletler online satyn alynýar, we beren adresiňize iki hepde içinde ýetirilýär. Soň öňümizdäki alty aý içinde islendik wagt gezelençe başlap bolýar, ondan soň bilet köýýär. Şeýle sorag ýüze çykyp biler, “Wiza gerekmi?” gezelenç üçin, meň özümä gerek däl diýip bilýän, biletiň özi wiza ýerine geçýärmikä diýýän, haýsam bolsa bir ýewropa döwletine gelip başlabermeli aýlan-çaýlaňa. Ýöne anyk bilmeli, öňümizdäki günlerde soramakçy. Islän soragyňyzy Eurail Facebook sahypalarynda birem hepde içi chat wagtlary bar hergün 5 sagatmy birzat, bolmasa hem mail bilen sorap bilersiňiz, iki iş güni içinde jogap berýärler. (sales@eurail.com)

Taýýarlyk

Gezelenje taýýarlyk barada ýüzlerçe maslahat bar, ýöne şu ýerde öz eden zatlarymy ýazmakçy. Ilki bilen rugzaga (sumka) nämeler alyşdyrdym,

  • Eşikler: gyşlyk geýip bolaýjak, şarf, şapka wş.
  • Ýuwynmak üçin gerek zatlar, sabyn, şampun, diş pastasy, iň esasy hem sakgal syrýan maşynka :D
  • Kitap: Game of Thrones (A Song of Ice and Fire, Book One), nesip bolsa gutaryp bilerin ýolda okap
  • Music: AC/DC butin albomlaryny download etdim, hemme aýdymlaryny diňlemekçi we birem Pink Floyd-dan hem öň diňlemedik albomlarymy aldym
  • Laptop: men munsyz gezip bilmeýän, iň agyram şul
  • Fotoaparat
  • Pasaport we Bilet
  • We başgada birgiden akyr-ukur, karta, şarj enjamlar, kompass, fonarik, first aid üçin ýara bagy wş

Bulardan başga hem telefonyma Bahn (Germaniýaň otly sistemasy) app gurdym, ýewropadaky hemme şäherler arasy otly wagtlaryny tapsa bolýar, ýenede Free Wi-Fi Finder we birnäçe şäher guide-leri bolan Lonely Planet app-lerini guryşdyrdym.

Kyn, howply we şol bir wagtda gyzykly on bäş gün garaşýar..

Tourists don’t know where they’ve been, travellers don’t know where they’re going.

eurail planning