Erasmus Mundus - Ýewropada Magistratura (Stipendiýaly)

04 January 2012 - Lisbon

(Bu mowzuk hem maglumat (informative) görnüşdedir)

Ýewropada bilim almagyň birnäçe ýolyndan biri. Erasmus diýsem beýleki alty aýlyk ýa-da bir ýyllyk (exchange) program bilen garyşdyrman. Bu iki ýyllyk magistratura. Ýewropada bilim almagyň birnäçe gowy taraplary bar, birem öz kursdaşlaryň hem sen ýaly başga başga ýerlerden gelen bolsa. Täze tanyşlar, dostlar edinmek, täze üniwersitetde, üýtgeşik sistemada bilim almak gyzykly.

Hawa näme bu? Erasmus Mundus Master’s Programs ady bilen ýewropada iki ýyl magistratura etmek. Köplenç ýewropadaky üç sany üniwersitet (hersi bir döwletde) öz aralarynda berýär sapaklary. Ilki dokumentleri tabşyrylanda talyplar şol 3 üniwersitetden 2ni saýlaýa we her ýyl birinde okaýar. Iň sonky semester hem sapak ýok, diňe thesis ylmy iş tabşyrmaly. We iki ýylyň soňynda iki sany master’s diplom bilen gutarýaň.

Her bolüm, fakultet üçin birgiden program bar. Şu linkden seredip bilersiňiz. Her programyň sag ýanynda has köp maglumat üçin link hem bardyr.

Hawa nädip tabşyrylýa? Ilki bilen 4 ýyllyk bachelor okuwy doly gutaran bolmaly ýa-da indiki okuw ýyly başlamaka uçyrym bolýan bolmaly. Birem diňe özüň ylgamaly dokumentleri tabşyrmak üçin, hiçhili okan/okaýan üniwersitet bilen baglanşygy ýok. Islenýän dokumentler köp däl,

  • Bachelor Diplom (entäk uçyrym däl bolsanyz, uçyrym bolanyzda iberseniz bolýar)
  • Academic Transcript
  • Proof of English Proficiency, TOEFL, IELTS. (eger okaýan/okan üniwersitediňiz iňlis dilinde bolsa köplenç hökmanam däl.)
  • CV
  • Letter of Motivation (özüň barada, eden işleriň barada wş bir iki kelam ýazgy)
  • Recommendation Letter (başgalaryň, sapak alan profesorlaryň, işlän ýeriňdäki başlygyň, wş sen hakda ýazan bir iki paragraf ýazgysy)

We bularyň hemmesini online iberýäňiz! Kawagt poçta bilen hem isleýärler. (ýenede ibermek üçin kän pul çykyp baranok)

Stipendiýa ýagdaýy nähili? Kabul edilen okuwçylara görä stipendiýany iki kategoriýa bölüpdirler, A we B. A kategoriýadan alýan okuwçylar ýewropa saýuzyň daşyndan gelenler. B kategoriýa bolsa ýewropa saýuzdaky döwletlerden kabul edilen okuwçylar. A kategoriýadakylar her aý müň euro we her semester ýerleşme we ýol çykdaýçy (installation and travel costs) puly diýip iki müň euro berýäler. B kategoriýasy bolsa aýlyk bäş ýüz euro alýarlar. (Ýalňyşmasam ýol we ýerleşme çykdaýçy üçin tölänoklar öýdýän.)

Eger tabşyrmak niýetiňiz bar bolsa gijä galmaň sebäbi köpüsiniň dokument tabşyrma wagty Fewral aýlary töweregi gutarýar.