Berlin we Amsterdam Gezelenç

2012-njy ýylyň 07-nji fewraly - Amsterdam

Berlin

Gije sagat on töwerekleri Berlin wokzalyna geldim, göni öňünden reserve eden Meinengir hostelime gitdim, wokzalyň edil ýanynda ýerleşýärdi. 10euro bilen bir gijelik galdym. (Aslynda öz bahasy mundan azajyk gymmadyrak ýöne Eurail bileti bolanlara skidka edýäler)

Ýatyp dynjymy alyp ertesi gün Berlinde bolan birnäçe türkmen oglanlara jaň edip duşuşdym. Gunduz oglanlar bilen Alexanderplatz we töwereklerine aýlandym. Soň hem elbette diňe Berline mahsus bolan Berlin Diwarynyň (Berlin Wall) galyndylaryny görmäne gitdim. Diwaryň yzy häzirem dur, köp zatlary aýyrmandyrlar.

Birem Berliniň Metro sistemasy iň çylşyrymly bolany öýdýän, düşünýänçäm kelle çişdi.

Amsterdam

Iki gün Berlinde türkmen oglanlary bilen galyp gije Amsterdama tarap ýola düşdim. Irden sagat 11 töwerekleri gelip bir Inner Amsterdam hostela ýerleşdim.

Amsterdam ýeke söz bilen çözýär. Çynym özüňiz gelip gözüňiz bilen görmeli. Şäheri bet edip oňarypdyrlar, birnäçe kanal geçýär içinden. (Kartasyna seredip görüň) Birem ýolda gidip barýadym welin kanallaryň biri doňypdyr we adamlar içinde skating edip ýördüler.. (:D) Şäheriň ýene bir üýtgeşikligi her ýerde welikleriň bolmagy. Menä adamdan kän tigir barmyka öýtdüm. Ýörite ýollary zatlaram bar.

Edil galan hostelimiň ýanynda Van Gogh muzeýi bardy ýöne gitmedim, giriş üçin 14euro isleýärdiler, “Şuňa girenimden bir t-shirt alanym gowylaý” diýip iki sany t-shirtjik suwinir aldym.

Amsterdama gelip edilmeli köp zatlardan birnäçesi Coffeeshop-a gitmek, we meşhur Red Light Street-i gezmek.

Berlinde bir gün artykmaç galanym üçin bileti mundan soň ulanyp bilemokdym, eýýäm 15 gün doldy. Netijede Amsterdamdan Lissabona uçaga bilet aldym. Ýöne ýenede gezelenç gutaranokdy, öňümde iki günlik UNESCO-nyň goragy astyna alan Lissabon Sintra gezelençi bardy..