Zurich-Vienna-Prague Gezelenç

2012 ýylyň 2-nji fewraly - Berlin

Zürich

Irden sagat 7 töwerekleri Milan wokzalyndan Zürich gidýän otla mündim. Öňümde üç sagatlyk ýol bardy. Milan-Zürich arasy gezelenç hasam owadandy sebäbi Şwisariýada bolan Alp daglarynyň içinden geçip gidýärdik. Şol wagt şu ýylyň ilkinji garyny hem gören wagtym boldy, howa hem azajyk sowap başlapdy öňki şäherlerdäki gezelençlere görä hasam üşäp başlapdym.

Zürich wokzalyna gelemde ilkinji gören zadym bagaj goýulýan ýer (kamera hraneniýa). Öňki şäherlerde näme üçindir görmedim ýa-da kellä gelmedi şu, derrew uly goşymy goýyp diňe fotoaparat bilen şäheri gezmäne gitdim. Ýörän ýolymyň gyrasynda kartajyk bardy, seretsem ýakynda bir derýa bar şol tarapa ýöräberdim. Şäher onsuzam beýlekilerden tapawutly, kän milli geziljek ýa-da taryhy gezilip bilinjek ýerler ýok. Senagat şäheri bolandygy belli bolyp dur.

Azajyk aýlananymdan soň derrew telefonyň karta (maps) programmasyndan Google ofisleriniň bolan ýerini öwrenip şol binaň ýolyny tutdym. Ýolda çynym ýüzlerçe gezek aşyk boldym (:D). Google ofislerine baryp “Içerini gezsem bolarmy?” diýip soradym ýöne rugsat bermediler. Şedýdip ýene töweregi aýlanyp yzyma gaýtdym, agşam sagat ondaky Viýenna gidýän otlydan otyrgyç book edip garaşmak bilen bolyberdim.

Şwisariýa gelip iň gowy edip bolaýjak zatlaryň biri lyžada taýmak ýa-da snowboarding etmek. Alp daglar ýanyňda we meniň arkamda uly sumka bar bolsa daş töwerekdäki köp kişide lyža we snowboarding bardy. Nesip bolsa başga bir wagt..

Wiýenna

Wiýenna ýolçylygynda compartment-de Çehiýa respublikasyndan bolan bir gyz hem bardy, Wiýenna we Prague hakynda birnäçe maglumatlar alyşdyrdym. Özüne hem Turkmenistan, milli zatlarymyz hakynda gürrüň berdim. Wagt derrew geçdi we irden Wiýenna wokzalyna geldim.

Şu wokzal iň halan wokzalymyň biri, mugt internet we kompýuteri ulanmak üçin ýörite tokly ýerler bardy. Ýöne edil Zürich ýaly gymmadyrak şäher, çaý alanymdan bildim, iki ýewro töweregidi.

Howa sowygrak bolansoň kän daşaryk çykasym gelmedi, wokzalda otyryp blog ýazmak, internetde bolmak has gowy gelýärdi. Ýöne 1-2 sagat daşaryk aýlanyp gaýtdym. Wiýenna Mozart ýaly artistleriň dörän şäheri ekeni, suwinirlerden we Mozart şekilli şokoladlardan belli. Ýöne bir metro duragynda, üýtgeşik hajathana duş geldim, hajathanada klasik, opera aýdymlar çalýardy. (:D) Girip görmedim ýöne işiňi saz bilen bitirmek göz öňüme geldi..

Wiýenna hem köp aşyk bolan şäherlerimiň biri.. Derrew aýlanyşdyryp Prague ýolyny tutmak bilen boldym.

Prague

Şäheri daň bilen sagat bäş töwerekleri geldim. Ilkinji üns beren zadym Çek sözlerine düşünmegim, bular hem öň Sowýet baknalygynda bolany üçin köp zat birhili tanyş geldi. Hatta aýdymlary hem bir ors aýdymlaryna meňzeýädi. Orsça düşünýän hem köp, ýöne otlydaky sohbetdeş bolanym “Kän orsça gürleme, halanoklar” diýipdi. Menem köp ýerde iňlis dilinde düşünişdim.

Bu ýerde hem howa gaty sowykdy, gün çykýança wokzalda garaşdym. Soň derrew bir turist magazinden bir karta alyp gezmäne başladym. Prague-da gaty köp taryhy ýerler bar ekeni. Ol tower bul tower, Kurlev koprusi wş ýerleri aýlanyşdyrdym. Howanyň sowyk bolmagy hem özüme hem gezelençe täsir etmäne başlady, elim ellikli bolsa hem barmaklarym doňýady käwagt. Günortan töwerekleri gün çykyp azajygam bolsa daşaryny ýylatdy bolmasa gaty sowykdy. Derrew şäheri gezişdirip öýlän sagat dörtde Berline gitýän otlydan ýer aýyrtdym.